Syýahatçylyk boýunça koordinator
4 sentýabr 2026 çap edildi
Söhbetdeşlikden soň
Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
1-3 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat
Wakansiýanyň beýany
📢 Syýahatçylyk kompaniýamyza KOORDINATOR gerek!
Müşderiler bilen işlemek we gelýän ýüz tutmalary utgaşdyrmak üçin jogapkär we aragatnaşyk ukyby ýokary bolan koordinatory gözleýäris.
👤 Talaplar
- 🇹🇲 Türkmen dilini gowy bilmeli
- 🇹🇷 Türk dilini örän gowy bilmeli — hökmany talap
- 🇷🇺 Rus dilini bilmeli
- 🇬🇧 Iňlis dilini bilmeli
- WhatsApp programmasyndan ýokary derejede peýdalanmagy başarmaly
- Müşderiler bilen sowatly, medeniýetli we sypaýy aragatnaşyk saklamaly
- Jogapkärçilikli, ünsli we çalt hereket edip bilmeli
- Güler ýüzli we adamlar bilen işleşmegi başarmaly
💼 Borçlary
- Kompaniýanyň iş toparlaryndaky WhatsApp habarlaryna yzygiderli gözegçilik etmek
- Müşderileriň we hyzmatdaşlaryň ýüz tutmalaryna wagtynda jogap bermek
- Hiç bir müşderiniň habaryny jogapsyz goýmazlyk
- Zerur ýagdaýlarda soraglary degişli jogapkär işgärlere ugrukdyrmak
- Özüne degişli edilen müşderiler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamak
- Müşderiniň islegine düşünip, degişli hyzmatlary teklip etmek
- Kompaniýanyň hyzmatlaryny dogry hödürlemek we satmagy başarmak
- Müşderileriň soraglaryna düşnükli we sabyrly jogap bermek
- Ýokary derejeli hyzmaty üpjün etmek we müşderiler bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary gurmak
🕘 Möhüm maglumat
- Iş wagty gutarandan soň hem WhatsApp-daky möhüm habarlara gözegçilik etmeli
- Özüne degişli müşderiler ýüz tutanda, wagtynda jogap bermeli
- Gelýän ähli ýüz tutmalary soňuna çenli alyp barmaly we çözülmegini üpjün etmeli
⭐ Biz nähili adamy gözleýäris?
Jogapkärçilikli • Çalt jogap berýän • Güler ýüzli • Sabyrly • Medeniýetli gürleşýän • Satyş ukyby bolan • Işjeň • Toparda işleşmegi başarýan • Müşderä hormat goýýan
📌 Türk dili aýratyn möhüm we hökmany talaplaryň biridir.
Eger siz müşderiler bilen işleşmegi halaýan, adamlara gowy düşündirip bilýän we jogapkärçilikli adam bolsaňyz, CV-niňizi bize iberiň.
📞 +993 61 013449
Dil bilimi
4 — fluent2 — conversational3 — basic

TILSIMAT ÄLEMI
2 wakansiýa
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri
Meňzeş wakansiýalar
Ähli 54 →Zähmet haky
Söhbetdeşlikden soň

TILSIMAT ÄLEMI
2 wakansiýa
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri
