Mebel konstruktory
5 sentýabr 2026 çap edildi
Söhbetdeşlikden soň
Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
1-3 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Aşgabat, Änew, Arkadag şäheri
Wakansiýanyň beýany
Mebel konstruktory
Borçlary:
- Korpus we ýumşak mebelleriň konstruksiýalaryny işläp taýýarlamak;
- Önümçilik üçin iş we tehniki çyzgylary taýýarlamak;
- Detallaşdyryş çyzgylaryny, konstruksiýa böleklerini we spesifikasiýalary taýýarlamak;
- Bölekleriň ölçeglerini, zerur materiallaryň we komplektleýji şaýlaryň mukdaryny hasaplamak;
- Mebel furnituralaryny saýlamak we olaryň ulanylyşyny işläp taýýarlamak;
- Önümleri önümçilige goýbermek üçin tehniki resminamalary taýýarlamak;
- Önümçiligiň netijelerine laýyklykda konstruksiýalara düzedişler girizmek;
- Dizaýner, önümçilik işgärleri we beýleki hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk etmek.
Talaplar:
- Mebel konstruktory hökmünde iş tejribesiniň bolmagy artykmaçlykdyr;
- Mebel konstruksiýalaryny we önümçilik tehnologiýasyny bilmek;
- Tehniki çyzgylary okamagy we taýýarlamagy başarmak;
- Mebel materiallaryny, furnituralary we bölekleri birleşdirmegiň usullaryny bilmek;
- AutoCAD, SketchUp ýa-da şuňa meňzeş programmalarda ynamly işlemek;
- Ölçeglere we ownuk jikme-jikliklere ünsli bolmak;
- Jogapkärçilikli we topar bilen işleşmegi başarmak;
- Mebel konstruksiýalarynyň önümçilik taýdan amatlylygyna we amaly taýdan netijeliligine düşünmek.
Şertler:
- Mebel kompaniýasynda işlemek;
- Durnukly aýlyk haky;
- Dürli taslamalaryň we aýratyn sargytlaryň üstünde işlemek;
- Hünär taýdan ösmek mümkinçiligi;
- Amatly iş şertleri;
- Iş tertibi we aýlyk haky söhbetdeşlik wagtynda ara alnyp maslahatlaşylýar.

Hamman furniture
7 wakansiýa
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri
Meňzeş wakansiýalar
Ähli 14 →Zähmet haky
Söhbetdeşlikden soň

Hamman furniture
7 wakansiýa
Isgar-da 2026-njy ýyldan bäri
