Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Täzelikler - 28.09.2023
Awstraliýanyň iş bilen üpjünçilik departamendi we bu ýurtda ýerleşýän Wullongong uniwersiteti ylmy-barlag gözleglerini geçirip, bu — 2023-nji ýylda dünýäde iň ýörgünli wezipeleriň sanawyny düzdüler. Geliň olar bilen tanyş bolalyň!
1. Mugallymlar we usulyýetçiler
Gözlegleriň netijesine laýyklykda, häzirki wagtda bütin dünýä babatda mugallymlaryň hem-de usulyýetçileriň ýetmezçiligi duýulýar. Has hem bu ugur boýunça info-prodýuser, onlaýn sapak berijiler we onlaýn-usulyýetçiler azlyk edýär. Sanawdan görnüşi ýaly, kowidden soň dünýä ýüzünde internetde sapaklary guramaga ukyply hünärmenlere isleg örän köpdür.
2. Synagdan geçiriji
Dünýä boýunça iň gerekli hünärmenleriň arasynda synagdan geçirijiler, ýagny test edijiler aýratyn orun eýeleýär. Bilermenler testden geçiriji hünärmenlere islegleriň geljekde hem peselmejekdigini nygtaýarlar. Testden geçirijiler näme bilen meşgullanýarlar? Olar dürli taslamalaryň, işleriň dürslügini barlap, ýalňyşlaryny ýüze çykarmak bilen meşgullanýarlar. Şeýle ýagdaýda testden geçirijileriň hyzmatlaryna ýüzlenilen ýagdaýynda islendik işiň hili ýokarlanýar.
3. Saýt taýýarlaýjylar
IT ulgamynda zähmet çekýän hünärmenlere bolan isleg elmydama hem ýokarydyr. Olara tölenýän hak hem uly. Bu ugurda üç sany hünär tapawutlandyrylýar: «frontend», «backend», «fullstack» (uniwersal hünärmen).
4. Targetlenen mahabat boýunça hünärmen
2023-nji ýylda meşhurlygyny artdyran hünärleriň arasynda tagetologlar hem bellenip bilner. Bu hünär hem kowidden bäri örän meşhurdyr. Tagetologlary wezipesi nämeden ybarat? Olar sosial ulgamlarda (IMO, Instagram we ş.m.) mahabaty düzýärler, müşderileri artdyrmak boýunça işleri geçirýärler we kompaniýanyň logosynyň abraýyny we meşhurlygyny artdyrýarlar.
5. SMM-menejer
Bu hünär hem sosial ulgamlar bilen baglanyşykly. Emma SMM-menejerleriň targetologlardan tapawutlylykda diňe bir mahabat bilen meşgul bolman, eýsem, olar kompaniýanyň geljekki ösüşiniň meýilnamasyny düzýärler, ol ýerde goýulmaly kontenti jemleýärler. Umuman bu hünärmenleriň etmeli işleri örän gi gerimli we jogapkärçiliklidir.
6. Işgärler bölüminiň (HR) hünärmeni
Soňky döwürlerde HR hünärmenleriň abraýy artýar. Çünki islendik edarada işgär bar. Islendik edarada hem işgärler bilen sazlaşykly işleýän bölüm bar. Bu bölüm Işgärler bölümçe, HR ýa-da başgaça atlandyrylyp biler. Emma oňa garamazdan bu bölümde zähmet çekýän hünärmenler ukyp-başarnykly işgärleri tapyp bermekden ybaratdyr.
7. Project manager
Edil häzirki döwürde iň meşhur kärleriň biri Project managerdir. Bu hünäriň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmäge ukyply adamlar islendik kompaniýa üçin hem iň gerekli adamlaryň biridir. Bu wezipäniň adamlary işgärleri dolandyrmak, iş prosessini guramak we müşderiler bilen işlemek ýaly wezipeleri ýerine ýetirýär.
8. Lukman
Adamzat taryhynda lukmanlardan arzyly adamlar boldumyka? Olar elmydama hassalara kömek edipdirler. Sogap gazanypdyrlar. Biziň pikirimizçe, bu sanawda elmydama hem lukmanlara aýratyn orun degişli bolar
Оператор чат-поддержки
3000Gör
Младший проектный менеджер
2000Gör
Специалист по работе с юридическими лицами и операционной поддержке
4000Gör
SMM
3000-4000Gör
Требуются работники на завод
от 2000Gör
Требуется офисный сотрудник
от 1800Gör
Требуются продавцы в торговую точку
2200Gör
Требуется водитель трактора
4000Gör
Требуется главный бухгалтер
5000-6000Gör
Сетевой менеджер по торговле
По итогам собеседованияGör