Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Täzelikler - 22.09.2023
Depressiýa —Siziň durmuşyňyzda päsgelçilik,bökdençlik döredip bilýän «ýagylaryň» biridir. Ol ünsüňi sowýar. Maksatlaryňy amala aşyrmaga kynçylyk döredýär. Ony ýeňmek hem şeýle bir çylşyrymly we kyndyr. Emma meşhur lukmanlaryň we psihologlaryň maslahatlaryna eýerip, bu beladan gutulyp bolar.
· Sport bilen meşgullanmak. Fiziki işjeňlik, sport (30 minut) organizmiň «Bagtyň gormonyny», ýagny endorfiny bölüp çykarşyny 5 esse köpeldýär. Eger-de depressiýa bilen göreşýän bolsaňyz, onda size ýoga, aerobika ýa-da tanslar bilen meşgullanmak kömek edip biler.
· Syýahatçylyk. Nätanyş ýerlere aýlanmak, täze adamlar bilen tanyşmak siziň emosional ýagdaýyňyzyň gaýtadan göterilmegine mümkinçilik berer. Depressiýa duçar bolsaňyz, onda ýekelikden gaça duruň. Hobbi, gyzyklanmalaryňyz bilen meşgullanmak, arassa howada aýlanmak size kömek edip biler.
· Meditasiýa. Gündogar medeniýetiniň esasy aýratynlyklarynyň biri organizmdäki endorfiniň hem-de noradrenaliniň önümçiligini has-da güýçlendirýän meditasiýa medeniýetidir. Ol keýpi göterýän neýromediatorlaryň mukdaryny güýçlendirýär. Meditasiýa etmegi başarmaýan bolsaňyz, onda art-terapiýa, massaž, iňňe sünçmek ýaly sagaldyş medeniýeti bilen meşgullanyp bilersiňiz.
Depressiýa düşen wagtyň durmuşyňa täsir etjek çözgütleri kabul etmeli däl. Daşky dünýäniň gözüňe üýtgeşik görünýändigini hem unutmaly däldir!
Şeýle-de depressiýa düşen wagtyň zyýanly endiklere bolan islegiň artýandygyny unutmaly däldir.Şeýle ýagdaýda nämä bolsa-da ünsüňizi sowuň hem-de başga zatlar bilen meşgullanyň!
Lukmanlara ýüz tutmakdan säginmäň
Depressiýa näme üçin howply? Ilki bilen bu kesele jemgyýetde kän bir ähmiýet berilmeýär. Adamlar fiziki taýdan sagdynlygyna üns berýärler. Şol bir wagtyň özünde ruhy näsazlyk sebäpli ähli keselleriň döräp bilýändigini ýatdan çykarýarlar. Şonuň üçin depressiýa bolan wagty lukmanlara ýüz tutmakdan çekinmäli däl. Gerek bolsa Psihoterapiýa we lukmanlaryň görkezmesi bilen dermanlary kabul ediň.
Оператор чат-поддержки
3000Gör
Младший проектный менеджер
2000Gör
Специалист по работе с юридическими лицами и операционной поддержке
4000Gör
SMM
3000-4000Gör
Требуются работники на завод
от 2000Gör
Требуется офисный сотрудник
от 1800Gör
Требуются продавцы в торговую точку
2200Gör
Требуется водитель трактора
4000Gör
Требуется главный бухгалтер
5000-6000Gör
Сетевой менеджер по торговле
По итогам собеседованияGör