Hyzmatlarymyz
«Işgär» platformasyndan has netijeli peýdalanmak üçin birnäçe hyzmatlar hödürlenilýär. Hyzmatlaryň hersi ulanyjylaryň isleglerine görä ýöriteleşendir.
Täzelikler - 08.09.2023
Meşhur alym Albert Einşteýn 1879-njy ýylyň 14-nji martynda Germaniýada dünýä indi. Bu alym fizikany esaslandyryjylaryň biri bolup, onuň otnositellik teoriýasy adamzadyň dünýä garaýşyny düýpgöter üýtgetdi. 1900-nji ýylda Şweýsariýanyň Sýurih politehniki institutyny gutardy. Ondan soň mugallym bolup işledi we Winterthur we Şafhauzen uniwersitetlerinde gözleg geçirdi. Eýnşteýn Berndäki Federal patent edarasynda-da synagçy bolupdyr (1902–1909); Sýurih uniwersitetinde (1909) professor, Prussiýa we Bawariýa Ylymlar akademiýasynyň agzasy (1913), Berlin uniwersitetiniň professory we Fizika institutynyň müdiri (1914) bolup işledi. Bu ýyllarda Eýnşteýn otnositellik teoriýasy, kwant şöhlelenme teoriýasy, statistika fizikasy, Braun hereketi we şöhlelendiriş teoriýasy üstünde işledi. 1921-nji ýylda fotoelektrik täsiriniň kanunlaryny we teoretiki fizikadaky işleri üçin Nobel baýragy bilen sylaglandy. Näme üçin alym otnositellik teoriýasy üçin Nobel baýragy bilen sylaglanmady? Sebäbi bu teoriýa ýakynda tassyklandy !!!
Albert Eýnşteýniň köp ýerde işländigini öňem aýdypdyk. Emma alym bularyň hemmesinde alym uly üstünlik gazanmagy başardy. Üstünliginiň syry näme? Alym ömrüniň dowamynda elmydama bir prinsip bilen ugur alýardy. Elmydama A = x + y + z formulasyna eýerýärdi. Emma üstünlik üçin bu formulanyň aňyrsynda näme bar? Bu formuladaky X iş diýmek, y oýnamak, dynç almak, z bolsa agzyňyzy ýapmagy aňladýar. Bu formulany dogry ulanyp, durmuşyňyzda uly üýtgeşmeler girizip bilersiňiz!
Оператор чат-поддержки
3000Gör
Младший проектный менеджер
2000Gör
Специалист по работе с юридическими лицами и операционной поддержке
4000Gör
SMM
3000-4000Gör
Требуются работники на завод
от 2000Gör
Требуется офисный сотрудник
от 1800Gör
Требуются продавцы в торговую точку
2200Gör
Требуется водитель трактора
4000Gör
Требуется главный бухгалтер
5000-6000Gör
Сетевой менеджер по торговле
По итогам собеседованияGör