Skip to content

MAZ samoswalynyň sürüjisi

7 sentýabr 2026 çap edildi

başlap 6 000 TMT

Iş görnüşi
Doly iş güni
Iş wagty
Doly gün
Tejribe
3-5 ýyl
Ýerleşýän ýeri
Ahal welaýaty

Wakansiýanyň beýany

MAZ samoswalynyň sürüjisi

2014-nji ýylda öndürilen MAZ samoswalyna 2 sany sürüji gerek.
Iş borçlary:
  • MAZ samoswalyny dolandyrmak;
  • Her gün işe wagtynda çykmak we iş gününiň ahyrynda tehnikany garaža yzyna getirmek;
  • Owadandepe, Aýna zawodynyň töweregindäki we golaýdaky obýektlerde işlemek;
  • Awtoulagyň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek;
  • Zerur bolan ýagdaýynda ownuk abatlaýyş işlerini özbaşdak ýerine ýetirmek;
  • Howpsuzlyk we tehniki düzgünleri berjaý etmek.
Talaplar:
  • Samoswal sürüjisi hökmünde 3–5 ýyl iş tejribesi;
  • Awtoulagyň abatlaýyş we tehniki hyzmat işlerinden baş çykarýan bolmak;
  • Jogapkärçilikli, tertipli we arassa işlemek;
  • Doly iş gününiň dowamynda işlemäge taýýar bolmak.
Şertler:
  • 2 sany sürüji gerek;
  • Tehnikanyň ýyly — 2014;
  • Iş wagty: 09:00–19:00;
  • Tehnika irden 08:00-da «Täze Zaman» garažyndan alynýar we işden soň takmynan 20:00-da garaža yzyna getirilýär;
  • Iş ýeri: Owadandepede, aýna zawodynyň töweregindäki we golaýdaky obýektler;
  • Ýangyç iş beriji tarapyndan her gün üpjün edilýär;
  • Ýol çykdajysy üçin sürüjä günde 40 manat berilýär;
  • Aýlyk zähmet haky — 6000 manat;
  • Hasaplaşyk 10 günüň dowamynda geçirilýär;
  • Günde 3 gezek nahar bilen üpjün edilýär;
  • Ýatak jaýy berilmeýär.
Dalaşgär
3 wakansiýa
Isgar-da 2025-njy ýyldan bäri